Hakberdi Hudaýberdiýew aradan çykdy

Türkmenistanyň halk artisti, halypa kompozitor, sazanda Hakberdi Hudaýberdiýew aradan çykdy.

1960-njy ýylyň 8-nji fewralynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde dogulan kompozitoryň zähmet ýolundaky iň soňky ýeri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat merkeziniň medeniýet bölüminde režissýorlyk boldy. 

“Ýaşlyk” teleýaýlymynda “Ýyldyzlar we uçgunlar” atly gepleşigi alyp bardy. Ömrüniň soňky ýyllaryna çenli şägirtler ýetişdirdi.

Hakberdi Hudaýberdiýewiň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri:
2009 – «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly at;
2015 – hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk ýubileý medaly;
2016 – Türkmenistanyň hormatly Prezidentinden sowgat akkardeon saz guraly;
2017- «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
2019 – “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at;

Onlaýn metbugat portallary hem halypany ýatlap geçdi. “Ata-Watan Türkmenistan” saýty H. Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşligini ýatladyp geçdi. Türkmenportal bolsa halypanyň terjimehalyna giň ýer berdi.

Hakberdi Hudaýberdiýewiň Instagram akkauntyndaky soňky suratlar

Teswirler

Leyli Hudayberdiyewa

Kakamjany yatlap gecheninize kop minnetdarlygymy bildiryan. Kop kop sag bolun!