Täze formatda orta mekdep we çagalar bagy

Aşgabat şäheri täze 2020-2021-nji okuw ýylyna bir täzelik bilen gadam basdy.

Tölegli esasda bilim berýän  21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi dabara bilen açyldy. Bu mekdep 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi hem-de 320 orunlyk çagalar bagyny öz içine alýar.

Bu täze bilim ojagynda okatmagyň iň döwrebap usullaryny ulanmak meýilleşdirýär. Tebigy we ynsanperwer bilimleri iň ýokary derejede öwretmek üçin ähli şertler döredilen. Dünýäniň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmek maksady bilen, käbir dersleriň daşary ýurt dillerinde okadylmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle-de çagalary köpugurly ýetişmekleri üçin aýdym-saz, sport, şekillendiriş sungaty, inžener-robotika  bilen baglanşykly gurnaklar hem hyzmat berer.

Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň taýýarlaýyş topary hem bar. Bu topara 5 ýaşly çagalar alynýar. Okuwlar günortana çenli hem-de uzadylan günli toparlar bolup, çaganyň haýsy toparda okajagy ene-atalaryň öz islegine bagly.

Birinji synpa bolsa 6 ýaşdan alynýar. Isleg bildirýän okuwçylar söhbetdeşlik esasynda saýlanyp, 2-nji synpdan hem bu mekdebe kabul ediler.

Bu mekdepde bilim hyzmatlary tölegli esasda alnyp barylýar.

Tema bilen baglanşykly gyzykly:
Ösüşiň täze trendleriniň bilim ulgamyndaky orny
Aşgabatda nemes dilini nirede öwrenip bolýar?
Aşgabatda fransuz dilini nirede öwrenip bolýar?
Aşgabatda hytaý dilini nirede öwrenip bolýar?
Aşgabatda ýapon dilini nirede öwrenip bolýar?

Aşgabatda koreý dilini nirede öwrenip bolýar?

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok