2% göterime çenli okuw töleg pulyny yzyna almak mümkinçiligi

Bilim we talyp ýaşlar güni mynybetli 2020-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarda ýurdumyzyň ýokary hem-de ýörite-orta okuw mekdeplerinde “Türkmenistan” bank tarapyndan gurnalan töleg terminallary arkaly okuw üçin nagt däl görnüşinde hasaplaşyklar geçirilende, «Altyn asyr» bank kartlaryna berilýän pul sylagynyň («Cash back») möçberi 0,5 göterimden 2 göterime çenli ýokarlandyrylýar diýip «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky öz resmi web sahypasynda habar berýär. Bu aksiýadan peýdalanmak üçin «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň “Altyn asyr” bank kartyny saklaýjy müşderilerisi bolmak ýeterlikdir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok