Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary beýan ediler

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda açyljak 75-nji ýubileý mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary beýan ediler.

 Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 15-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde açyljak 75-nji ýubileý mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary beýan ediler.

Birnäçe ugurlary özünde birleşdirýän bu möhüm resminamany Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi  Türkmenistanyň alyp barýan oňyn daşary we içeri syýasaty esasynda taýýarlady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary dolulygyna “Türkmenistan” gazetiniň 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda, şenbe güni çykan sanynyň 2-nji we 3-nji sahypasynda çap edildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok