Okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň wagtlaýyn gözükdirmesi

2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyňwagtlaýyn gözükdirmesi işlenip taýýarlanyldy.

Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän adatdan daşary ýagdaýlar bilim ulgamynyň işini döwrüň zerurlyklaryndan ugur alyp guramagy talap edýär. Şunda bilim-terbiýeçilik edaralarynda degişli zyýansyzlandyryjy çäreleriň geçirilmegi, sanitariýa kadalarynyň berk berjaý edilmegi, ýaşlaryň arasynda sagdyn iýmitlenmek, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak boýunça alnyp barylýan wagyz-nesihat işleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýulmagy esasy zerurlyklar hökmünde orta çykýar. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Umumybilim edaralarynda 2020 — 2021-nji okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyň we okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň wagtlaýyn gözükdirmesi» işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, dünýädäki epidemiologik ýagdaýlar nazarda tutulyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda arassaçylyk we zyýansyzlandyryş çäreleri yzygiderli geçiriler, bilim edaralarynda okuwçylardyr talyplaryň sapaklara gatnaşygy bilen baglanyşykly işler täze düzgünler esasynda ýola goýlar.

Çeşmeler:
“Türkmenistan” gazeti 21.08.2020 sany
Turkmenportal


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok