Adatça, ähli işlerde esasy çep ellerini ulanýan adamlara çepbekeýler diýilýär. 13-nji awgust Halkara çepbekeýler güni bellenilip geçilýär.
Takmynan dünýäniň ilatynyň 7-10 göterimi töweregi çepbekeýdir. Alymlaryň çaklamalaryna görä, dünýäde zenan maşgalalara garanyňda, erkek adam çepbekeýler has köpdürler. Çepbekeýleriň beýnidäki sag ýarym, ýagny dörediji , oýlap tapyjy şarynyň işleýändigi üçin saglakaýlardan has tapawutly.
Halkara çepbekeýler güni ilkinji gezek 1916-njy ýylda geçirildi. Ýörite çepbekeýler üçin döredilen bu gün, esasan saglakaýlaryň köp bolan bu dünýäde çepbekeý bolmagyň artykmaçlyklary barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin döredildi. Bu gün, bütin dünyä, dünýä ilatynyň 7-10 göterimini düzýän adamzadyň bir bölegi bolan çepbekeý adamlaryň özboluşlylygyny we tapawudyny belleýär.
Leonardo Da Winçi, Albert Enşteýn, Nikola Tesla, Gandi ýaly ägirtler hem çepbekeý bolupdyrlar.
Teswirler