Türkmen okuwçy halkara taslama olimpiýadada kümüş medal gazandy

“Global Youth Science and Technology Bowl” ýagny, “Global Ýaşlar Ylym we Tehnologiýa Halkasy” atly halkara taslama olimpiadasy, 1-nji awgustda Gonkong Ýaşlar Jemgyýeti Federasiýasy  tarapyndan geçirildi. Bu halkara taslama olimpiada biologiýa, fizika, himiýa hem-de inžinerçilik ugurlaryny öz içine alyp, onlaýn görnüşde geçdi. Bu halkara taslama bäsleşiginde Türkmenistandan, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Sanjar Saburow “Kondensirlenen molýus erginlerini beton garyndy hökmünde ulanmak” atly taslamasy bilen kümüş medala mynasyp boldy.

Bu halkara bäsleşigiň ahyrky tapgyrynda jemi, 40 döwletden 92 taslama gatnaşdy. Sanjar Saburow, bu halkara taslama bäsleşigine, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň himiýa mugallymlary Parahat Şöwkedow we Meýlis Garlyýew tarapyndan taýýarlanyldy.

Teswirler

Mähriban

size berekella