Çagalar ilkinji tapgyr lagerlere dabaraly ýagdaýda ugradyldy

Aşgabat şäherindäki “Çagalar we ýetginjekler köşgünde” okuwçylary tomusky dynç alyşa lagerleriň ilkinji tapgyryna dabaraly ýagdaýda ugradyldy.

Arzuw.News habar agentliginiň habar bermegine görä Bilim ministrliginiň guramagyndaky lagerleriň 1-nji tapgyry 2-21 iýun aralygynda, 2-nji tapgyr 26-njy iýundan 16-njy iýula çenli, ahyrky 3-nji tapgyr bolsa 20-nji iýuldan 12-nji awgusta çenli dowam eder.

Şeýle-de Gökderedäki dynç alyş merkezlerinde wagt geçirmek üçin raýatlara mümkinçilikler bar. Tölegli esasda maşgala bolup ýa-da köpçülikleýin wagt geçirmäge şertler bar. Diňe bir lager däl, piknik, sport çäreleri hem gurnap bolýar.

Gökderedäki dynç alyş merkezleri bilen habarlaşmak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

«Beýik Serdar ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi – 80013248049;
Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi  -313172;
«Ýaşlyk»» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi – 313102; 313105; 313108; 313110;
«Altyn sümmül» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi – 80013248055; 80013248056;
«Nebitçi» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi –313101; 313195;
«Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi –313139; 313151;
«Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi – 313148; 313130;
«Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi – 313133; 313134;
«Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi – 313214; 313112; 313113;
«Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi – 313201; 313109; 313110;
«Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi –80013248159; 80013248160;
«Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi – 80013248168; 80013248170;
«Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi –80013248516; 80013248517;

Surat: Aýjemal Gurbanowa (Arzuw.News)

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok