Çagalary goramagyň Bütindünýä günimynasybetli Türkmenistanyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde giň möçberli dabaralar we medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy.
Bu baýramçylyk mynasybetli Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgünde, söwda we dynç alyş merkezlerinde, Aşgabat seýilgähinde, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, “Ertekiler dünýäsinde”, Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrliginiň , Aşgabat şäher häkimliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen medeni sport we aýdym-sazly dabaralar uly joşguna beslendi.
Dabaralara Aşgabadyň mekdep okuwçylary, mugallymlar, körpeler, terbiýeçiler, şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary, köpçülik habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilip geçilýär. Çagalary goramagyň halkara gününi baýramçylyk hökmünde giňden belläp görmegiň taryhy öz gözbaşyny 1949-njy ýylda Parižda Zenanlaryň halkara demoktratik federasiýasynyň mejlisinde kabul edilen karardan alyp gaýdýar. Şondan bäri 1-nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni diýip ykrar edildi. Bu taryhy ýörelgeler esasynda BMG-niň Baş Assembleýesy tarapyndan 1989-njy ýylyň 20-nji noýabryndaky Rezolýusiýasy bilen kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa halkara hukuk resminamalarynyň iň esasylarynyň biridir. Türkmenistan bu Konwensiýa 1994-nji ýylyň 23-nji fewralynda goşuldy.
Äşe Kerimowa
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby
Teswirler