HALKARA FOTOSERGI GEÇIRILDI

Düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly fotosergi guraldy hem-de maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň suratkeşleri, fotosuratçylary, medeniýet, sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasyndan soň maslahat öz işine başlady. Onda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky ornuny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleri bilen dosty-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň barha rowaçlanýandygy bellenildi.

Şu ýyl ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy baýram ediler. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, suratkeşlerimiziň, heýkeltaraşlarymyzyň sergileri yzygiderli geçirilýär. Gürrüňi örilýän sergä hem dünýäniň 15 ýurdundan fotosuratçylaryň 20-den gowragy gatnaşdy. Olaryň fotosuratlarynda parahatçylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, şeýle hem her ýurduň özüne mahsus bolan gymmatlyklary giňden açylyp görkezilýär.

Halkara fotosergä gatnaşan ýurdumyzyň fotohabarçylary Ýuriý Şkurin, Hasan Magadow, Arslan Müllikow, Gündogdy Garaýew, Ahmet Taňrygulyýew, Meretdurdy Rozyýew dagynyň eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerini, ýurdumyzda geçirilen iri halkara ýaryşlaryndan pursatlary, paýtagtymyzyň seýilgählerinde gezelenç edip ýören maşgalalary senetkärlerimiz işlerini bagşydyr sazandalarymyzyň toý-baýramlardaky çykyşlaryny şeýle hem behişdi bedewlerimiziň päsgelçiliklerden bökýän pursatlaryny hem-de çapyksuwarlaryň begençli pursatlary şekillendiren fotosuratlar görkezildi. Russiýa Federasiýasyndan Sergeý Monstakowyň fotosuratlarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günlerinde iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň dost-doganlyk konsertinden, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçen 2019-njy ýylda ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň guramagynda geçirilen baýramçylyk dabarasyndan söz açýan fotosuratlar görkezildi.

Azerbaýjan Respublikasyndan Wugar Amrullaýewiň dostlukly ýurduň paýtagtynyň gijeki gözelligi, sport ýaryşyndaky pursatlar bilen birlikde atly ýigitleriň at üstündäki çykyşlary, italiýaly Kuinn Lorensonyň Rim şäherindäki binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýan binalaryň fotosuraty, gyrgyzystanly Erkin Bolznurowyň fotosuratlarynda gyrgyz halkynyň milli däplerinden söz açýan pursatlaryň görkezilmegi, Gazagystan Respublikasyndan Turar Kazangapow, Belgiýa Patyşalygyndan Bolenz Ulrik, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan Steber Maggie  ýaly fotosuratçylaryň dürli wakalary beýan edýän fotosuratlary sergä gatnaşanlarda täsir galdyrdy.

Halkara fotoserginiň dowamynda oňa gatnaşan daşary ýurtly fotosuratçylar bilen wideoşekilli maslahat geçirildi. Maslahatda awtorlar özleriniň sergä hödürlän işleri barada gürrüň berdiler.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ady bilen geçirilen halkara fotoserginiň we maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşan fotosuratçylara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok