«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi geçirilýär.

Bäsleşigiň etrap we şäher tapgyrlary 11-20 maý 2020 aralygynda geçirilýär.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat we jemleýji tapgyrlarynyň geçiş tertibi:

1. Aşgabat şäherinde – 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 6-sy;
2. Ahal welaýatynda – 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 13-i;
3. Balkan welaýatynda – 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 20-si;
4. Daşoguz welaýatynda – 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 27-si;
5. Lebap welaýatynda – 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 4-i;
6. Mary welaýatynda – 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 11-i;

Bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 2020-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňisyrasynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Düzgünnamasy bilen Medeniýet Ministrliginiň saýtynda tanyşyp bilersiňiz.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok