Bilim ministrligi okuwçylar üçin 159 374 sany sowgatlyk kompýuter satyn alar

Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 159 374 sany kompýuteri satyn alar. Şuňa görä 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hemem olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşylar.

Mekdebe başlaýan birinji synp okuwçylara döwlet tarapyndan kompýuter sowgat bermek däbi 2011-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrmagyndan ugur alyp, soňky ýyllarda bu kompýuterler hem ýerli öndrijiler tarapyndan öndürilip başlandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok