Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginde bu müdirligiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Aşgabat şäher prokraturasynyň bilelikde guramagynda Beýik ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli «Watan mertleri baky ýaşaýar» atly maslahat hem-de weteranlar bilen duşuşyk geçirildi.
Baş arhiw müdirliginiň foýesinde arhiwde saklanylýan uruş ýyllarynda degişli fotosuratlar, nkagaş işleri görkezildi. Uruş ýyllaryndan söz açýan suratlary synlanyňda hyýalyňda özüňi şol ýowuz günlerdäki wakalaryň içinde ýaly duýýarsyň.
Beýik Ýeňiş hakynda gürrüň açylanda, türkmen ýigitleriniň söweş edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen birlikde, urşuň yzynda galanlaryň zähmet üstünlikleri hem taryhyň öçmejek sahypasy bolup hakydalarda janlanýar. Ýanýoldaşy urşa giden türkmen zenanlary wepadarlygyň belent nusgasyny görkezdiler. Gündizlerine orakdyr kätmenli ekin meýdanlarynda zähmet çeken zenanlar, gijelerine jorapdyr ellik ördüler. Olar päkize kalby, çirksiz ynamy, halal zähmeti bilen Ýeňiş gazanylmagyna uly goşant goşdular.
— Uruş diýen zadyň beren yzasy ömrüňe ýoldaş bolýar. Şol ýyllaryň ýowuzlygy henizem ýüregimiň bir künjünde garalyp dur. Ýöne her ýyl Ýeňiş güni golaýlanda, yzalar kiparlap, göwnüň giňäberýär. Maý aýy geldigi, üýtgeşik tolgunmalary başdan geçirýärin. Ýurdumyzda uruş weteranlary aýratyn alada bilen gurşalýar. Şu alada Ýeňiş baýramynda has-da äşgär ýüze çykýar. Şeýle sylagyň hormatyň netijesinde bir özümizi juda bagtly hasaplaýarys. Watan gahrymanlaryna sarpa goýulýan ýurtda ýaşamagyň lezzetini duýýarys.
Ýoldaşym urşa gidensoň tylda arman-ýadaman zähmet çekdik. Çagajyklarymyzy hiç zada hor-zar etmejek bolup, gije diýmän, gündiz diýmän zähmet çekdik. Uruş meýdanyndaky gerçeklerimize yzlaryndan kömek iberip durduk. Gyşda ýyly geýinmekleri üçin örülen ýüň joraplardyr žempirleri taýýarladyk. Çagajyklarymyzdan artanyny jeňdäkilere ugradyp durduk. Hudaýa şükür indi parahat hem bagtyýar durmuşymyz bar.
Ýeňşiň bize beren bagty juda uly. Watany goran merdanlar bize bagtly günleri sowgat etdiler. Iň esasysy bolsa, olar adamlaryň ýüzüne, ýüregine ýylgyryşy gaýtaryp getirdiler. Şonuň üçin hem olaryň orny hemişe ýürekleriň töründedir — diýip, urşuň yzynda galan naçar Tur Mariýa gürrüň berdi.
Teswirler