Hytaýda dünýäniň iň beýik köprüsiniň açylmagyna garaşylýar!

Hytaý infrastruktura taýdan ýurduň iň täze inženerçilik üstünlikleriniň biri bolan dünýäniň iň beýik köprüsini iýun aýynda açmaga taýýarlanýar. Häzirki wagtda Hytaýyň günorta-günbataryndaky Guizhou welaýatynda ýerleşýän Huajiang Uly Kanýon Köprüsiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Köpri deňiz derejesinden takmynan 625 metr belentlikde ýerleşýär. Bu bolsa, Fransiýadaky meşhur Millau Wiyaduginden takmynan 288 metr ýokary diýmekdir.

Guizhou welaýaty — Hytaýyň daglyk we çylşyrymly relýefli sebitleriniň biridir. Bu köpri “ýer ýarygy” diýip hem atlandyrylýan täsin tebigy dag geçelgesi bolan Huajiang Uly Kanýonynyň üstünden geçýär.

Hytaý, aýratyn-da Şençženiň takmynan 1287 kilometr günbatarynda ýerleşýän Guizhou ýaly az ösüşe eýe bolan daglyk sebitlerinde infrastruktura derejesini ýokarlandyrmak üçin giň möçberli tagallalar edýär. Şonuň üçin bu köpri diňe bir dünýä rekordy bilen çäklenmeýär. Ulanylmaga berlenden soň, bu sebitiň üsti bilen ulagly geçmek öňküsinden has aňsat bolar.

Döwlet metbugatynyň habaryna görä, Huajiang Uly Kanýonynyň üstünden syýahat wagty 2 sagatdan bary-ýogy 1 minut çenli gysgalar. Köpriniň umumy uzynlygy 2 890 metr bolup, ol polat kirişli asma köprüdir.

Gurluşyk resmi taýdan 2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda başlanyp, 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanmagyna garaşylýar. Köprüdäki kirişleriň jemi agramy takmynan 22 müň tonna golaý bolup, ol üç Eýfel diňine deňdir.

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda dünýäde iň beýik 100 köpriniň takmynan ýarysy Hytaýyň Guizhou welaýatynda ýerleşýär.

Şirin ATAJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok