Nýu-Deli şäherinde “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa Nýu-Delide bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda gatnaşyjylara 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigi we şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler barada giňişleýin maglumat berildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze neşiriniň ähmiýeti nygtalyp, onda beýik söz ussadynyň baý edebi mirasynyň, onuň dünýä edebiýatyna goşan uly goşandynyň we şahyryň ýubileýi mynasybetli guralan çäreleriň giň beýan edilendigi bellenildi.

Talyplar kitabyň Magtymgulynyň pähim-paýhasly döredijiligine düşünmekde we onuň edebi mirasyna çuňňur aralaşmakda möhüm gollanma boljakdygyna ynam bildirdiler.

Rüstem ARSLANOW,

TDP-niñ Hojambaz etrap komitetiniñ bölüm müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok