Türkiýe we Türkmenistan türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermek hakynda taryhy ylalaşyk gazandylar. 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda “Türkmengaz” bilen BOTAŞ kompaniýasynyň arasynda degişli ylalaşyga gol çekildi. Gaz ibermeleri 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, Eýranyň üsti bilen barter usuly arkaly amala aşyrylar.
Bu hadysa köp ýyllyk gepleşikleriň netijesi bolup, iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädimdir. Ylalaşyk ýylda 2 milliard kubometr gazyň iberilmegini göz öňünde tutýar.
Bu ylalaşyk Türkiýäniň hem-de sebit üçin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda möhüm ädim bolup durýar. Şeýle hem ol, Türkmenistanyň ählumumy energetika bazarynda ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar.
Uzak möhletli meýilnamada Türkiýe Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu taslama Türkmenistanyň gaz eksportyny artdyrmaga we ony Ýewropa bazaryna gönükdirmäge mümkinçilik berer.
Muhammetnur DAÝANJOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler