Ahalteke atlary – Türkmen halkynyň milli buýsanjy

Ahalteke atlary – dünýäniň iň gadymy we gymmatly tohum atlarynyň biri bolup, Türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Bu atlaryň gadymy taryhy, owadan keşbi, tizligi we çydamlylygy olary halkara derejesinde aýratyn tapawutlandyrýar. Ahalteke atlarynyň taryhy 3 müň ýyldan gowrak mundan ozal başlanýar. Olar Köpetdagyň etegindäki ahalteke oazislerinde ýetişdirilipdir we şol döwürlerden bäri Türkmen halkynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Ahalteke atlarynyň gazaply çöl şertlerine çydamlylygy, uzak aralyga çalt we durnukly ylgamak ukyby, olaryň şeýle özboluşlylygy bilen dünýäniň dürli künjeklerine meşhur bolmagyna ýol açdy.

Ahalteke atlary öz ak ýüpek ýaly ýalpyldawuk derisi, dar boýny, beýik beden gurluşy we içgin garaýan akylly gözleri bilen beýleki tohumlardan tapawutlanýar. Olaryň altyn reňkli öwüşginleri dünýä belli aýratynlyk bolup, köp halatlarda “altyn atlar” adyny gazanmagyna sebäp bolupdyr.

Ahalteke atlary türkmen medeniýetiniň we taryhynyň aýrylmaz bir bölegi hökmünde daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanda Ahalteke atçylygyny ösdürmek döwlet derejesinde aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilýän çäreler, döredilýän sport toplumlary we halkara sergiler bu tohum atlarynyň dünýä derejesinde tanalmagyna uly goşant goşýar.

Ahalteke atlary diňe bir geçmişiň däl, eýsem geljegiň hem baýlygydyr. Türkmen atşynaslary tohumçylygy kämilleşdirmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly Ahalteke atlarynyň şöhratyny has-da beýgeltmek ugrunda iş alyp barýarlar. “Akylly” şäherimiz bolan Arkadag şäherinde ýerleşýän  Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bu ugurda ýurdumyzyň öňdebaryjy ylmy we bilim merkezidir. Bu akademiýada Ahalteke atlaryny ösdürmek, olaryň tohum arassalygyny saklamak we halkara derejesinde tanatmak boýunça giňişleýin işler alnyp barylýar. Şeýle hem akademiýada ýaş alymlar we atşynaslar üçin iň döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan laboratoriýalar we okuw merkezleri hereket edýär.

Akademiýa, döwletiň atçylyk strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýelemek bilen bir hatarda, Ahalteke atlarynyň milli we halkara derejesindäki ähmiýetini has-da belende götermek üçin ylmy-barlag işlerini alyp barýar.

Arslan ATAGYLYJOW,
S.A Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok