Asma ýolunyň durky täzelenip, 2026-njy ýylda ulanylmaga berler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini ösdürmek we ýaşaýjylaryň medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu resminama bilen paýtagtymyzyň asma ýoly düýpli täzelenjek desgalaryň hataryna goşuldy.

Kararyň çäginde, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň degişli döwlet kärhanasyna “Röwşen” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Taslama laýyklykda, abatlaýyş işleri 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanar we 2026-njy ýylyň iýun aýynda tamamlanyp, desganyň ulanmaga doly taýýar edilmegi meýilleşdirilýär.

Täzelenen asma ýol Aşgabatly ýaşaýjylara we myhmanlara dynç almak üçin has oňaýly şertleri döretmek bilen, şäheriň binagärlik keşbini hem kämilleşdirer.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok