Türkmen diplomatiýasynyň üstünligi: halkara parahatçylykda täze sahypa

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi. Bu möhüm wakada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, halkara guramalaryň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdy.

Maslahatyň çäklerinde institutyň eýwanynda türkmen taryhyny, sungatyny hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynyň ösüşlerini şöhlelendirýän amaly-haşam sergisi görkezildi. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary aýratyn gyzyklanma döredip, parahatçylyk we durnukly ösüş baradaky milli ýörelgeleriň ähmiýetini açyp görkezdi.

Maslahatyň dowamynda çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Raşid Meredow we halkara guramalaryň wekilleri Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylyk ýörelgeleriniň halkara jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygyny bellediler.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň global meseleleriň çözgüdine goşýan goşandynyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Çykyş edenler, hususan-da, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgynyň filosofiýasynyň dünýä ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem 2025-nji ýylda geçiriljek dabaralaryň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanjakdygy we bu senäniň taryhy ähmiýetiniň nygtaljakdygy bellenildi.

Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň halkara arenada öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda ähmiýetlidigi aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň teklibi bilen kabul edilen birnäçe BMG kararnamasy, şol sanda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hakyndaky Kararnama, ýurdumyzda parahatçylyk syýasatynyň möhüm ornuny görkezýär.

Maslahatyň dowamynda talyplaryň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýalary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini döredijilikli usulda beýan etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize minnetdarlyk Ýüzlenmesini kabul etdiler.

Türkmenistanyň taryhy başlangyçlary we halkara jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem tutuş dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly hökmünde şöhrat gazanmagyny dowam etdirýär.

Resul ATAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok