2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan edýän «Ýer ýüzüniň arzuwy — Dünýä dursun parahat!» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Bäsleşigiň maksady
Bäsleşik Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda ýylyň şygaryny dabaralandyrmak hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň ähmiýetini açyp görkezmek, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşlerini wasp etmek, adamlary döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak maksady bilen yglan edilýär.
Bäsleşigiň şertleri
«Ýer ýüzüniň arzuwy — Dünýä dursun parahat!» atly bäsleşik türkmen halkynyň asyrlardan dowam edip gelýän parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda alyp barýan işlerini syýasy makalalaryň, oýlanmalaryň, çeper eserlerdir goşgularyň üsti bilen dabaralandyrmak ugurlary boýunça geçirilip, oňa Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň her bir raýaty gatnaşyp biler. Olar öz eserlerini «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň elektron salgysyna (ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm) ibermelidir.
Bäsleşige gatnaşyjylar ýazýan makalalarynda, goşgularynda hem-de çeper eserlerinde Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň, bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetini aýdyňlyk bilen açyp görkezmelidir.
Bäsleşigiň jemini jemlemek
Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan eminler topary düzülýär.
Ýeňijiler şu ýylyň 9-njy dekabrynda eminler topary bilen ylalaşylyp kesgitleniler hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň hormat hatlary we sowgatlary bilen sylaglanar.
Bäsleşigiň guramaçylyk topary.
Teswirler