Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy gülledip ösdürmegi, halkyň durmuş derejesini barha ýokarlandyrmagy baş maksat hökmünde kesgitlän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyň gujagynda erkana ýaşaýarys. Her birimiziň şaýat bolýan jemgyýetçilik-syýasy, medeni ugurly möhüm wakalar tutuş dünýäde uly abraýa eýe bolan Türkmenistan Watanymyzyň güýç-kuwwatyny has artdyrýar. Kämil bilimli, belent ruhly, beden taýdan sagdyn, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek bolsa döwlet syýasatynyň strategik wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu babatda bilim ulgamynda netijeli işleriň alnyp barylýandygy guwandyryjydyr. Ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek, mekdep-gimnaziýalary açmak hem möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalar edilýär, Arkadag şäheriniň bilim edaralaryny ÝUNESKO guramasynyň assosirlenen mekdepler toruna girizmek üçin zerur işler ýola goýuldy. Täjigistan Respublikasynda bolsa dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şeýle-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikdäki bilim taslamalary hem işjeň durmuşa geçirilip, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde ÝUNESKO kafedralary wee klublary döredildi. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6-sy bu guramanyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşuldy. Her ýylda «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.
Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan, döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary ýaşlarymyz üçin öz gapylaryny giňden açdy. Ýurdumyzyň ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bolsa bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär.
Ýaşlaryň başlangyçlaryny we üstünliklerini giňeltmek maksady bilen guralýan bäsleşikler, halkara forumlar, sergi-taslama bäsleşikleri, maslahatlar şöhratly geçmişimize, bagtyýar durmuşymyza buýsanýan, eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna deňelýän ýaşlaryň ýurdumyzyň depginli ösüşine goşant goşýandygyny alamatlandyrýar. Aýratyn tapawutlanýan ýaşlaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagy, olara ähli mümkinçilikleriň döredilip berilmegi ýaşlaryň döredijilikli, yhlasly zähmetine berilýän ünsüň ýokarydygyny äşgär edýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylym-bilim ulgamyny ösdürýän, il-ýurt bähbitli işleri amala aşyrýan, ýurdumyzy uly ösüşlere sary alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri üstünliklere beslensin!
Gülşat ŞIRMEDOWA,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler