Ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar

13-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

Mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gözden geçirilişi paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky meýdançada geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň açylyş dabarasy 19-njy sentýabrda guralar. Sergide hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar. Forumyň çäklerinde döwlet we hususy kärhanalara täze önümleri, geljekki ösüş maksatnamalary, maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin mümkinçilik dörediler. Şeýle hem haly dokamak, dutar ýasamak, küýzegärlik ýaly halk senetçiliginiň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere sergide döwletimizde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, gazanylan üstünlikleri beýan edýän işleriň giňden görkezilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Güljemal Annaberdyýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok