Täjigistanda Magtymgulynyň adyny göterýän mekdep açyldy

1-nji sentýabrda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka iki dost-dogan halkyň hoşniýetli gatnaşyklaryny üpjün edýär, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar.

Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi.

Şanly waka mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan «Bilimli» markaly noutbuklar we «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat hökmünde gowşuryldy. Bu waka mekdebiň okuwçylaryny hem, mugallymlaryny hem diýseň begendirdi, köňülleri buýsanja beslendi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok