Robot tozan sorujylar bilen durmuş hasam aňsatlaşýar

Tehnologiýanyň ösmegi bilen öýlerimizde ulanylýan zatlarda-da uly üýtgeşmeler bolýar. Robot tozan sorujylar bu üýtgeşmeleriň esasy mysallaryndan biridir. Adaty tozan sorujylardan tapawutlylykda, robot tozan sorujylary awtomatiki işledip bolýar, bu bolsa gündelik arassalaýyş işlerini has hem aňsatlaşdyrar.

Ygtybarly robot tozan sorujylaryň kömegi bilen öýleri hiç hili tegmilsiz arassalamak mümkin. Bu zähmetsöýer enjamlar bilen her gün mesele ýüze çykarmazdan öýdäki tozany, hapalary we galyndylary doly aýyrýar. Bu diňe bir gymmatly wagty tygşytlaman, eýsem sagdyn gurşawy üpjün etmäge hem kömek edýär.

Adaty tozan sorujylar köplenç mebelleriň aşagyna we girmesi kyn darajyk ýerlere barmakda kynçylyk çekýärler. Daşky görnüşiniň kiçiligi we çeýe dizaýnlary bilen robot tozan sorujylar islendik ýeri arassalamaga ýardam edýär.

Häzirki zaman robot tozan sorujylar köplenç Wi-Fi we smartfona birikmek ýaly mümkinçiliklerine eýedir. Mundan başga-da roboty uzakdan dolandyryp bolýar, hat-da arassalanýan ýerlere gözegçilik hem edip bolýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, robot tozan sorujylaryň köpüsi ses kömekçileri bilen üpjün edilen. Ses kömekçileri arkaly uzak aralykdan robot tozan sorujylary ses bilen dolandyryp bolýar.

Mekan SAPAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok