Boş iş orunlaryň ilata hödürleniş çäresi geçirilýär

2024- nji ýylyň 9-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem- de Türkmenistanyň Senagatçylar telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen we bilelikde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Bu çäre 09.07.2024 senesine ir sagat 09.00-dan 12.00-a çenli dowam eder. Çärä boş iş orunlary baradaky maglumatlaryny hödürleýän taraplaryň kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň wekilleri gatnaşar.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, eger bar bolsa, zähmet depderçesini hem- de hünärini tassyklaýan resminamasyny alyp gelmelidiklerini ýatladýarys.

Çäräniň geçirilýän ýeri:

S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

92-14-56 Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi:
Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy;
37-46-68 Bagtyýarlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy;
37-46-67 Berkararlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy;
35-12-69 Büzmeýin etrabynyň Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy;
92-15-26 Köpetdag etrabynyň Seýitnazar Seýdiköçesiniň 3-nji jaýy;
22-74-07 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy.
S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýy.

Şeýle-de okaň:
Işe girmek isleýärsiňizmi?
Bäherden keramika zawody tejribeli hünärmenleri işe çagyrýar!
Babadaýhan etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!
Ahal welaýatynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçirilýär!
Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!
Aşgabatda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!
Azatlyga çykan raýatlar iş orunlary bilen üpjün edilmeli
Türkmenistanda boş iş orunlary

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok