Hytaý Halk Respublikasy gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda nobatdaky uly taslamany durmuşa geçirdi. Gobi çölünde gurlan «Hami» gibrid Gün elektrik stansiýasy resmi taýdan ulanmaga berildi. Kuwwaty 1 gigawata deň bolan bu toplum häzirki wagtda dünýäniň iň kuwwatly gibrid Gün energiýasy desgalarynyň biri hasaplanýar.
Taslama döwlet eýeçiligindäki China Three Gorges Corporation kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Gurluşyk işlerine takmynan 3,53 milliard ýuan (480 million ABŞ dollary töweregi) maýa goýuldy. Stansiýanyň ýylda 2,07 terawat-sagat elektrik energiýasyny öndürmegine garaşylýar. Bu bolsa takmynan 830 müň hojalygy elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
«Hami» toplumy 900 megawat kuwwatly fotoelektrik Gün panellerini we 100 megawatlyk konsentrirlenen Gün energiýasy ulgamyny özünde birleşdirýär. Taslamanyň esasy aýratynlygy bolsa energiýany saklamakda adaty litiý-ion batareýalarynyň ýerine erän duz tehnologiýasynyň ulanylmagydyr.
Gündizine müňlerçe ýörite aýna Gün şöhlelerini bir nokada gönükdirip, duzy takmynan 550°C çenli gyzdyrýar. Ýygnalan ýylylyk bolsa gijelerine bug öndürmek üçin ulanylýar. Şeýlelikde, stansiýa Gün ýaşandan soň hem ýene-de sekiz sagada çenli elektrik energiýasyny öndürmegini dowam etdirýär.
Täze desga kuwwaty boýunça Dubaýdaky Noor Energy 1 toplumyndan hem öňe geçdi. Hytaý häkimiýetleri geljekde «Hami» toplumynyň umumy kuwwatyny 3 gigawata ýetirmegi meýilleşdirýärler. Mundan başga-da, onuň golaýynda kuwwaty 1,5 gigawata deň boljak ýene bir iri gibrid Gün elektrik stansiýasynyň gurluşygy hem dowam etdirilýär.
Bu taslama Hytaýyň täzelenýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, uglerod zyňyndylaryny azaltmak we arassa energiýa önümçiligini artdyrmak boýunça alyp barýan uzak möhletleýin strategiýasynyň nobatdaky möhüm ädimleriniň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.
Nurjahan Gylyçlyýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler