Sanly bilim platformalary – bilim ulgamynyň geljegi

Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalarynyň ösmegi bilim ulgamyna hem uly täsir edýär. Sanly bilim platformalary bilim almak, öwretmek we dolandyrmak işlerini has amatly we netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin dünýäniň köp ýurtlarynda sanly bilim çözgütleriniň gerimi ýylsaýyn giňelýär.

Sanly bilim platformalary okuw materiallaryny elektron görnüşde hödürlemek, testleri geçirmek, bilim netijelerini seljermek we mugallym bilen okuwçynyň arasynda özara gatnaşygy üpjün etmek ýaly köp sanly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Şeýle ulgamlar bilimiň elýeterliligini artdyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanda hem bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda bilim edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen birnäçe sanly platformalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Şolaryň biri bolan e-Mekdep platformasy orta mekdeplerde okuw prosesini sanly esasda dolandyrmaga, okuwçylaryň ýetişigini yzarlamaga hem-de mugallymlar bilen ene-atalaryň arasynda netijeli aragatnaşygy üpjün etmäge giň mümkinçilik döredýär. Bu ulgam bilim işiniň açyklygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Okuwçylaryň ýokary okuw jaýlaryna taýýarlygyny güýçlendirmekde MenTalyp kömekçi programmasynyň hem ähmiýeti uludyr. Bu programma arkaly okuwçylar dürli dersler boýunça bilimlerini kämilleşdirip, synag testlerini çözüp hem-de giriş synaglaryna taýýarlyk derejesini ýokarlandyryp bilýärler. Şeýle sanly çözgütler ýaşlaryň özbaşdak bilim almagyna we geljekki hünär ýoluny kesgitlemegine ýardam edýär.

Bilim çeşmelerine elýeterliligi giňeltmekde E-kitap platformasynyň orny aýratyn bellärliklidir. Bu platforma okuwçylara, talyplara we giň okyjylar köpçüligine dürli ugurlar boýunça elektron kitaplardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Netijede, bilim çeşmeleriniň sanly görnüşde elýeterli bolmagy okamak medeniýetiniň ösmegine we maglumatlary çalt edinmäge şert döredýär.

Şeýle platformalar diňe bir okuw prosesini dolandyrmak bilen çäklenmän, eýsem uly göwrümli maglumatlary seljermäge hem mümkinçilik berýär. Bu bolsa bilim hiline baha bermekde we okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Orazgeldi Döwletgeldiýew
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok