Zehinli mekdep okuwçylarynyň innowasion taslamalary saýlanyp alyndy

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we tehnologik ösüşi üpjün etmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Sanly geljek-2026» atly IT we robototehnika bäsleşigi öz işini üstünlikli tamamlady. Bu çäre milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna häzirki zaman programma üpjünçiligini we robototehniki çözgütleri ornaşdyrmaga ýaşlary giňden çekmekde möhüm ädimleriň biri boldy.

Çäräniň baş maksady — ýaşlaryň arasynda IT-telekeçilik we inženerçilik başlangyçlaryny ösdürmekden, zehinli ýaşlary we täzeçil IT-startaplary ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Şeýle-de, çäräniň dowamynda sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy pikirleriň we tehnologiýalaryň jemgyýetçilik-ykdysady durmuşa ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Bäsleşikde okuwçylar indiwidual (ýekebara) tertipde gatnaşyp, öz innowasion ukyp-başarnyklaryny aşakdaky üç sany wajyp ugur boýunça hödürlediler:

  • Smart City (Akylly şäher): Şäher düzümini awtomatlaşdyrýan robotlar we IoT (Internet of Things) ulgamlarynyň taslamalary.
  • EduTech & Mobile: Bilim ulgamy üçin niýetlenen täze mobil goşundylar we öwrediji platformalar.
  • Eco-Tech: Ekologiýa we «ýaşyl» ykdysadyýet ulgamyndaky kynçylyklary çözmäge gönükdirilen sanly çözgütler.

Gatnaşyjylaryň taslamalary hünärmenler tarapyndan tehniki mümkinçilikleri boýunça öňünden saýlanyp alnyp, final tapgyrynda emin-agzalaryň öňünde iş ýüzünde görkezildi we goraldy. Eminler topary taslamalary aşakdaky ölçegler esasynda baha kesdiler:

  • Täzeçillik: Programma üpjünçiliginiň ýa-da robotyň özboluşlylygy we täze innowasiýasy.
  • Tehniki çylşyrymlylyk: Koduň hili, algoritmiň durnuklylygy we inženerçilik çözgüdi.
  • Amaly peýdasy: Taslamanyň ykdysadyýete, ekologiýa ýa-da durmuş ulgamyna getirip biljek hakyky peýdasy.
  • Işewürlik modeli: Sanly önümiň durmuşa ornaşdyrylyş we monetizasiýa mümkinçiligi.
  • Prezentasiýa: Dalaşgäriň öz innowasiýasyny düşündirmek we goramak ukyby.

Soňky netijeler boýunça eminler toparynyň çözgüdi esasynda bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň iňlis dili we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Myradowa Göwher 1-nji orna mynasyp boldy. 2-nji orny Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Babaýewa Orazjemal hem-de Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Annaorazow Begenç paýlaşdylar. 3-nji orna bolsa Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Mämmedalyýew Mämmetnur, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Hudaýnazarow Mähri we Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy Hydyrowa Ýazgül eýe boldylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine degişli derejedäki diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Gatnaşyjylaryň hödürlän innowasion taslamalary ýaş nesliň sanly tehnologiýalara bolan gyzyklanmasynyň ýokary derejesini, olaryň döredijilikli pikirlenişini we geljekde ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň ösüşine goşant goşmaga taýýardygyny aýdyň görkezdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok