Häzirki zaman dünýäsinde dokma senagaty diňe bir ilatyň geýim-gejim we hojalyk harytlaryna bolan islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem innowasion inženerçilik çözgütleriniň we ylmy-tehniki ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň birine öwrüldi. Tehnologiýalaryň çalt depginler bilen kämilleşmegi önümçilik ulgamlarynyň awtomatlaşdyrylmagyna, çig malyň netijeli işlenip taýýarlanmagyna we ekologik taýdan arassa önümleriň köpeldilmegine uly itergi berýär. Halkara dokma guramalarynyň maglumatlaryna görä döwrebap önümçilikde awtomatlaşdyrylan enjamlaryň we sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiligini ortaça 30%-den gowrak ýokarlandyrýar we energiýa sarp edilişini 20%-e çenli tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Önümçilik amallaryna howa akymy arkaly işleýän döwrebap dokma stanoklarynyň girizilmegi matanyň dokalyş tizligini we taýýar önümleriň hilini düýbünden täze derejä çykarýar.
Döwrebap dokma inženerçiliginde nanotehnologiýalaryň we akylly dokma önümleriniň işlenip düzülmegi ylmyň iň gyzykly we geljegi uly ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda dünýä bazarynda daşky gurşawyň täsirlerine durnukly, kir we suw geçirmeýän, şeýle hem adamyň beden temperaturyny kadalaşdyryp bilýän ýörite matalaryň önümçiligi barha giňeýär. Şunuň bilen bir hatarda ekologik dokma önümçiligine geçiş prosesinde suwy gaýtadan ulanmak ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi netijesinde matalary boýamakda we taýýar görnüşe getirmekde arassa suw sarp edilişini 80%-e çenli azaltmak başardýar. Bu ugurdaky ylmy barlaglar we innowasiýalar çig malyň her bir gramyny tygşytly hem-de galyndysyz ulanmaga şert döredýär. Geljekki hünärmenler tarapyndan dokma senagatynyň tehnologik esaslaryny we innowasion usullaryny çuňňur öwrenmek milli önümçiligiň halkara derejesindäki bäsdeşlik ukybyny has-da berkitmäge uly goşant goşýar.
Söýüngulyýew Batyr
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler