Ähli döwürleriň iň baý adamy: Mansa Musa

Elon Musk häzirki wagtda dünýäniň iň baý adamy bolup biler, onuň baýlygy 210 milliard dollar, ýöne ol ähli döwrüň iň baý adamy däl. Ähli döwrüň iň baý adamy 1312-1377-nji ýyllar aralygynda Malide höküm süren şa Musa I-e degişlidir. Onuň baýlygy 400 milliard dollar bolupdyr.

Musulmançylykda ýatdan çykmajak yzlary galdyran Mali şasy Mansa Musa, Yslam taryhynyň möhüm gahrymanlaryndan biri we şu wagta çenli tanalýan iň baý adam hökmünde bellidir.

“Mansa” Mali dilinde “Patyşalaryň patyşasy” diýmekdir. XIV asyrda Maliniň şasy bolan Musa dünýä taryhyna iň baý adam hökmünde giripdir. Mansa Musanyň baýlygynyň baýlygynyň çeşmesi altyn bolupdyr. Onuň patyşalygynyň araçäklerine häzirki Senegal, Mali, Burkina Faso, Niger, Gwineýa ýaly ýurtlar giripdir.

Musanyň höküm süren bu giň geografiýasy gaty baý ýerasty baýlyklara eýe bolupdyr. Bu çeşmeleriň iň gymmatlysy altyn we duz bolupdyr. Maglumatlara görä, häzirki dünýä ýüzünde satylan altynyň ýarysynyň Mali Patyşalygyndan gelendigi aýdylýar.

Mansa Musa takwa musulman bolypdyr. Ol haj zyýaraty üçin Sahara çölüniň we Müsüriň üsti bilen Mekgä gidipdir. Öz ýany bilen müňlerçe düýede 80 tonna arassa altyny alyp gidipdir we baran her şäherinde metjit gurdurypdyr. Halka örän köp altyn paýlapdyr.

1280-nji ýylda doglan we 1312-nji ýylda tagta çykan Mansa Musa 1337-nji ýylda 57 ýaşynda aradan çykdy. Ölenden soň tagt Patyşalyk hem dargamak bilen boldy.

Mansa Musa uly metjitleri, uly kitaphanalary we medreseleri gurdurdy. Musa ylym we alymlary gorady we yslamyň Afrikada ýaýramagyna uly goşant goşdy. Çäklendirilmedik baýlygyny ýagşylyga sarp etdi.

Dünýägözel GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok