Hytaý mekdeplerde we ruhy keseller hassahanalarynda işlejek gumanoid robotlary öndürip başlady

Hytaýdaky bir kompaniýa geljekde psihiatrik näsazlyklary bejermekde ulanylyp bilinjek giper-realistik robotlary öndürip başlady. Öndürijileriň aýtmagyna görä, şeýle robotlaryň iň çylşyrymlylary emeli aň ulanylyp döredilýär. Bu, robotlar mümkin boldugyça adam häsiýetlerini tanamagy we görelde almagy şeýle-de dürli zatlary öwrenmekleri üçin ýörite döredilýär.

Mysal üçin, zawodyň işgärlerinden biri kellesini gymyldadyp, ýylgyryp we dilini çykaranda, gumanoid robot kellesinde birnäçe ýerde oturdylan kiçijik hereketlendirijiler arkaly oňa öýkünip bilýär.

Roboty döredijiler täze modeliň “duýgy taýdan özüni görkezmäge ukyplydygyny” we “ýüz keşbe görä jogap gaýtaryp biljekdigini” bellediler. Kompaniýa bir gumanid roboty döretmek üçin iki hepdeden bir aýa çenli wagt sarp edýär. Olaryň bahalary 205 müň dollara çenli baryp ýetýär.

Şuňa meňzeş tehnologiýa bilen meşgullanýan Hytaýyň Robot kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory wagtyň geçmegi bilen şeýle robotlaryň saglygy goraýyş we bilim pudaklaryna hem goşuljakdygyny aýtdy.

Sewara DÖWRANBEKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok