Bilim ösüşiň çeşmesi

Geçmise ser salsak, halkymyz asyrlarboýy özygtyýarly, demokratik, hukuk we dünýewi Türkmen döwletini gurmak barada arzuw etdi. 1991-nji ýylda Türkmenistan özüniň syýasy Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny yglan etdi. Taryh üçin ujypsyzja bolan Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk taryhynyň dowamynda Türkmenistan döwletimizde ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünlikler gazandy.

Ýurdumyzda sanlyja ýyllaryň dowamynda bu ulgamda birnäçe meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Olaryň ählisinde dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryny durmuşymyza ornaşdyrmak we ondan doly derejede baş çykaryp bilýän ýaş hünärmenleri ýetişdirmek baş maksat bolup durýar. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň, gollanmalaryň we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda ylym-bilim bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Olardan zehinli mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän döwlet ders bäsleşigini, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän döwlet ders bäsleşiklerini mysal hökmünde getirip bileris.

Şeýle hem ýurdumyzda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň goldaw bermeginde Bilim ministrligi tarapyndan guralýan «Ýylyň mugallymy», «Ýylyň terbiýeçisi» we «Ýylyň talyby» atly bäsleşikler hem ýylyň-ýylyna geçirilýär. Bu bolsa ylym-bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärleri täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.

Çemen KAKAÝEWA,

Daşoguz şäheriniň 13-nji orta
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok