Kolumbiýa Kongresi öküz söweşini gadagan edýän kanun taslamasyny goldady. Netijede 2027-nji ýyla çenli öküz söweşini gadagan edýän kanun taslamasy Kongresde kabul edildi.
Kanun taslamasynyň Kolumbiýanyň prezidentiniň goly bilen doly ýagdaýda kanuna öwrülmegine garaşylýar. Taslamany goldaýandygy mälim bolan Kolumbiýanyň prezidenti şahsy sosial media hasabynda beren beýanatynda “Haýwanlaryň ölüminden lezzet alýanlar ahyrsoňy adamlaryň ölüminden hem lezzet alarlar. Edil kitap ýakýanlaryň adamlary ýakýany ýaly” – diýdi.
Öküz söweşini goldaýanlar, karar kanuna öwrülen halatynda köp adamyň işsiz galjakdygyny öňe sürýärler. Taslamanyň täsirini azaltmak üçin 3 ýyllyk geçiş döwri göz öňünde tutulýar we öküz söweşinden gazanç edýän adamlara alternatiw çeşmeler tapmak üçin kömek beriljekdigi mälim edildi.
Kolumbiýa Latyn Amerikasynda öküz söweşini gadagan eden iň soňky ýurt boldy. Argentinada, Kubada, Urugwaýda, Braziliýada we Çilide-de gadagan edilen öküz söweşine Ekwadorda, Meksikada, Peruda we Wenesuelada henizem rugsat berilýär. Meksika 2022-nji ýylda öküz söweşini gadagan eden hem bolsa, geçen dekabrda bu gadaganlygy ýatyrdy.
Selimmuhammet ALLABERDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler