Aşgabat «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji maýda geçirilen mejlisinde «Aşgabat Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriň şäheri» diýlip yglan edildi. Şeýle hem Hökümet baştutanlary Bedenterbiýe we sport geňeşine başlangyjy durmuşa geçirmäge gönükdirilen 2024-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dürli sport görnüşlerinde möhüm çäreleri yzygiderli gurnaýar. Şeýle-de Arkalaşygyň hyzmatdaşlarynyň soňky ýyllarda türkmen sportuna gyzyklanmasy artýar.

Türkmenistan iri sport baýramçylyklaryny guramakda hem geçirmekde uly tejribä eýelik edýär. Çünki 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylygy dünýäni haýrana goýdy.

2018-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Türkmenistanda guralýan dünýä we Aziýa çempionatlary, şeýle hem beýleki halkara ýaryşlar ýurduň şeýle çäreleri geçirmekdäki baý tejribesini tassyklaýar.

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmegi Arkalaşygyň çägindäki sport hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygyny subut edýän hakykatdyr.

Şagözel ŞYHYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok