Astrahandaky Magtymgulynyň adyny göterýän orta mekdepde düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi

Golaýda, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň 8-9-njy synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen düzme ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» at bilen guraldy. Astrahanyň Priwolžsk etrabynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň okuwçylary bäsleşikde özleriniň ukyp-başarnyklaryny, ýiti zehinlerini görkezdiler. Olar işlerine döredijilikli çemeleşip, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür beýanyny, döredijilik aýratynlyklaryny, öňe sürýän taglymatlaryny çuňňur beýan etmegi, giňişleýin açyp görkezmegi başardylar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, aýratyn tapawutlanan zehinli okuwçylar ýeňiji diýlip kesgitlenildi. Olara Diplomlar, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Jeren GURBANNYÝAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok