Aşgabat şäheriniň “Aşgabat” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Kibermedeniýet” sungatyny öwrenmek, “Kiberhowpsuzlyk”, “Kibermedeniýet we ýaşaýyş durmuş”, “Sanly ulgam we ýaş nesiller”, atly temalar boýunça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, etrap, şäher işgärleri bilen okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagy Türkmenistanda 2019-2025-n⁸ji ýyllarda sanly ykdysadyýetiň esasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklaryň sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy arkaly alnyp barylýan işleriň çäklerinde yzygiderli okuw we terbiýeçilik işlerini has-da dowamly kämilleşdirmek, şeýle hem ýaş nesiliň kiberhowplardan, kiberhüjümlerden goramak maksady bilen geçirildi.
Okuw sapagynyň diňleýjileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, etrap, şäher işgärleri boldy.
Çäräniň başyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew “Kibermedeniýet we ýaşaýyş durmuş” atly temabilen çykyş edip ýaşlara internet ulgamynda ýerlikli we dogry peýdalanmak hakynda peýdaly maslahatlary bilen çäräni açyp berdi. Soňra Kiberhowpsuzlyk boýunça ygtyýarly hünärmen Yklym Myradow “Sanly ulgam we ýaş nesiller”, atly tema boýunça ýaşlara sosial ulgamlaryň zyýanly we peýdaly taraplary, ondan ýerlikli peýdalanmaklygy wagyz etmek maksady bilen, kiberhowplardan, kiberhüjümlerden goramak we sosial dünýäde “kibermedeniýet” sungatyny öwrenmek barada täsirli gürrüňleri bilen çykyş edip diňleýjileri has-da özüne çekdi we diňleýjiler bu gyzykly temalary ünsli diňläp soraga-jogap alyşdylar.
Çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň gurnamagynda geçirildi.
Azada Orazowa,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.
Teswirler