Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli talyplaryň arasynda ders bäsleşigi geçirildi

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda “Matematiki modelirlemek” dersinden bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik jemi iki tapgyrdan ybarat bolup, oňa jemi ýurdumyzyň 15 sany ýokary okuw jaýyndan 45 sany talyp gatnaşdy. Netijede talyplar häzirki zaman usullar bilen ykdysady meseleleriň amatly çözgüdini tapdylar.

Bäsleşigiň esasy maksady Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň, häzirkizaman sanly ykdysadyýete giňden ulanylýan ykdysady-matematiki usullary we modelleri çuňňur bilýän ýaş talyplary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybaratdyr.

Ogulbibi BAÝRAMMÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler minisrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok