Täze hasylyň aladalary

Arkadag Serdarly döwrümiziň ösüşdir özgertmelere beslenen ajaýyp günlerimizde türkmen daýhanlarynyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatdaky alyp barýan işleri hem öwgä mynasypdyr. Ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alyndy. Günsaýyn boý alýan maýsalar alys gözýetime uzap gidýän giňişlige görk berýär. Bereketli hasylyň berk binýady tutulýan meýdanlarda şu günler ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýaş maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, olaryň baldagy boýlap, köki berkär ýaly, ýerli dökünleri sepmek çäreleri geçirilýär. Juda amatly hem garaşykly gelen güýz paslynyň ýagşy işlere ýaraşykly günlerinde amal edilýän agrotehniki çäreler geljek ýylyň galla hasylynyň has bereketli boljakdygyna ynam döredýär. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan her bir işde döwrüň galkynyş ruhy, döredijilikli zähmetiň joşguny aýdyň duýulýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý tohumyny gowulandyrmak boýunça köp çäreler görüldi. Suwuň bolçulygy ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şerti hasaplanýar. Şonuň üçin-de welaýatlarda her damjasy tylla dänesine deňelýän suwuň bolçulygyny üpjün etmek, ondan netijeli hem tygşytly peýdalanmak, munuň üçin ýerleri suwarmagyň ata-babalarymyzdan miras galan däplerinden, dünýä tejribesine esaslanýan täze usullardan peýdalanmak babatynda ähmiýetli işler alnyp baryldy. Sebitleriň çägindäki akabalaryň, suw desgalarynyň durky täzelendi, täze suw akabalary çekilip, desgalar guruldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan bu işler ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen yzygiderli üpjün etmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak meselesiniň oňyn çözülmegi üçin oňaýly şertleri döretdi.

Häzirki günlerde ýer eýeleri hem-de olaryň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan edara-kärhanalaryň hünärmenleri iş üstünde bolup, ak bugdaýa ideg edilişi bilen bagly her bir işiň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegini gazanýarlar.

Sähra MUHANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok