Arkadag şäheri – bagtyýarlygyň şäheri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine ýygy-ýygydan iş saparlaryny amala aşyryp, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar hem-de özüniň gymmatly maslahatlaryny berýär. Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýelejek Arkadag şäheriniň agşamky görnüşlerinde halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellik bar.

Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Ýaşlyk, täzeçillik we gözellik! Ynsan durmuşyny özgerdýän bu güýçleriň gudratyny, özboluşly sazlaşygyny Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarynda, döwrebap keşbinde görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary bilen şäherde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilmegi-de ýurdumyzda ýaş nesillere aýratyn ynam bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi  şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şeýlelikde, Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk, inzhenerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýän şäherleriň biridir.

Nurmuhammet TÜÝLIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok