Talyplaryň arasynda ders bäsleşikleri geçirilýär!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2023-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda kompýuter grafikasy we elektrotehnika dersleri boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçiriler.

Bäsleşikler Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin gatnaşmak tertibinde, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary üçin onlaýn usulynda gatnaşmak tertibinde şahsy bäsleşik görnüşinde alnyp barylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öz ýokary okuw mekdebinde iň gowy netije görkezen 3 talyp çagyrylýar. Bäsleşikler türkmen dilinde geçirilip, meseleleri çözmek üçin 120 minut wagt berler. Bäsleşikleriň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Begenç ÝAZMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok