Magtymguly Pyragy – şygryýetiň çyragy

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran , dünýä beren şahsyýetlerine barabar bolýar. Köňülleriň  we döwürleriň şahyrynyň bize goýup giden mirasy terbiýe mekdebidir. Magtymguly öz döredijiligi bilen halka ýakyn duran şahyrdyr. Ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda görnükli şahyryň döredijilik mirasyna bolan gyzyklanma barha artýar. Şeýle hem dünýä boýunça edebiýatyň muşdaklarynyň arasynda şahyryň döredijiligine bolan gyzyklanma asla peselmeýär.

Magtymgulynyň  daşary ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edilen eserleri onuň watanynda we onuň çäginden daşarda hem gyzyklanyp öwrenilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türk medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan sarpanyň güwäsidir. Onuň jöwher paýhasyny siňdiren şygyrlarynda ynsanperwerlige uly üns beripdir. Akyldar beden sagdynlygyny, güýçlüligi mert ýigidiň zerur sypatlarynyň biri hasaplap, öz döwrüniň mert, batyr ýigitlerini wasp edipdir. Magtymguly Pyragy durmuşyň agyr pursatlarynda ejizlemän, oňa mertlik bilen döz gelmelidigini, göreşmelidigini ündeýär. Şahyryň dünýä hakyndaky oýlanmalary ähli çuňlugy we danalygy bilen döredijiligine siňipdir. Ol öz ykbalyny bagyş eden işinde belent derejelere ýetip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr. Watansöýüjilik temasy beýik şahyryň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr hakyky watançylaryň halkyň içindeligine düşünýär, şonuň üçin hem ol Watanyň üstüne howp abanan wagty, olara ýüz tutup, iliň-günüň ar-namysyny gorap saklamaga bütin türkmen halkyny çagyrýar. Magtymgulynyň «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Bilinmez» ýaly ençeme goşgulary onuň watan söýüjiliginiň belent mertebesini görkezýär. Ýurdumyzda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Onuň baý many – mazmunly eserleri gazet – žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Asyrlar geçse-de öz Watanyny söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun eýeleýär.

Ogulbike  BUGRAÝEWA,

Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok