Aslynda tebigatda ýüze çykýan ähli keselleri bejerip biljek iýmit ýok, ýöne adam saglygy üçin zerur bolan ähli komponentleri almagyň ýeke-täk usuly bar, ol hem sagdyn iýmitlenmekdir. Gymmat bahalary bilen tapawutlanýan we uzak ömürli ýurtlaryň iýmitine girýän önümleriň sanawynda hem şeýle peýdaly, saglykly iýmitleri görmek bolýar.
Miwe we gök önümler
Islendik ýerde-de iýmitleniş hünärmenleri we lukmanlar miwe we gök önümleri iýmegi hemişe maslahat berýärler. Şol bir wagtyň özünde, saglyk üçin olaryň ýokumly maddalary saklaýandygy we köp reňklilige eýedigi belli: gyzyl (alma, nar, ýer tudana); mämişi (apelsin, mandarin, hurma); sary (banan, erik, ananas); ýaşyl (kiwi, armyt, alma, garpyz, hyýar). Olarda her bir adam üçin zerur bolan peýdaly elementleriň uly gory bar. Mysal üçin, witaminler ýeterlik bolmasa, dürli keseller ýüze çykýar. Hemmämize mälim bolsa gerek, birnäçe aýlap deňizde täze iýmit alyp bilmedik deňizçiler zerur elementleri almandygy üçin kesel bilen ejir çekýär. Şeýle-de miweler süýjüliklere garşy ajaýyp alternatiw önümdir. Muny ylym, hatda süýji keseli üçinem maslahat berýär. Üzüm, banan, gawun we apelsin ýaly önümler bedende şekeriň siňdirilmegini haýalladýan we uly içegäniň mikrobiotasyny gowulandyrýan sagdyn süýümiň çeşmeleridir.
Süle
Daneli iýmitleriň biri bolan süle adamyň saglygyna dürli tarapdan täsir edýär. Däneli süle uny, meşhur Şerlok Holmesiň hem iň gowy görýän ertirlik nahary bolupdyr. Ol köp mukdarda peýdaly maddalary saklaýan önüm: uzak wagtlap dokluk duýgusyny üpjün edýär we aşa köp iýmitlenmezlige, içegelerdäki mikrofloranyň işini artdyrýar, immunitet ulgamyny güýçlendirýän gaty süýüme eýedir. Şeýle hem onuň süýümi köp, B witaminler topary bar, ýöne käbirleri gaýtadan işlemek wagtynda ýitirilýär.
Balyk
Beden saglygy üçin peýdaly önümleriň ýene-de biri balykdyr. Olar omega-3 ýag kislotalarynyň köp bolmagy bilen has hem ýaramlydyr. Adam bedeni olary diňe bölekleýin sintez edip bilýär. Bu ýaglaryň ýetmezçiligi netijesinde ýürek we damar keselleriniň, artritiň we Alsgeýmer keseliniň döremek howpy ýokarlanýar. Omega-3 beýni öýjükleriniň hem bir bölegidir. Ol çäklendirilen mukdarda alynsa, depressiýa döräp biler, bu ýagdaý köplenç fiziologiki sebäpler bilen baglanyşykly. Uzak wagtlap omega-3 bilen iýmit goşundylaryny kabul etmegiň peýdalydygy subut edilen hakykatdyr. Balyklar kalsiniň we berk süňkler üçin zerur bolan D witamine baýdyr. Lukmanlar hepdede 2-3 gezek balyk iýmegi maslahat berýärler.
Zeýtun ýagy
Beden üçin örän peýdaly ýag. Bu ösümlik ýagy, esasan omega-9 doýmadyk ýag kislotalaryndan durýar, gandaky holesteriniň gatnaşygyny kadalaşdyrmaga we şeýlelik bilen ateroskleroz howpuny azaltmaga kömek edýär. Ol Skandinawiýa ýurtlarynda giňden ulanylýar, Daniýada, Norwegiýada, Şwesiýada, Islandiýada we Finlýandiýada köp sarp edilýär.
Kösükliler
Kösükli önümler: noýba, nohut, mäş horlanmagyň açarydyr. Fransuz, ispan, brazil aşhanalarynda bu önümler bilen reseptleriň tutuş sanawy diýen ýaly düzülýär. Kösüklileriň tohumlary gündelik süýümi kabul etmäge kömek edýär we şol bir wagtyň özünde diňe bir adamyň saglygy üçin däl, eýsem köp kaloriýa toplamaga ýardam edýär. Ol ganyň glýukoza derejesini durnukly saklamaga gatnaşýar. Onda içege bakteriýalarynyň, fitohimiki maddalaryň we witaminleriň halaýan iýmit prebiotikleri bar. Olaryň esasy artykmaçlygy hem beloklaryň köp bolmagydyr.
Çörek we çörek önümleri
Gowy hilli öndürilen çörekde 70%-den hem köp süýüm bar. Iýmit süýümi ganyň holesterin derejesini kadalaşdyrmaga, uglewodlaryň siňdirilmegini saklamaga, içegäniň hereketini işjeňleşdirmäge, umuman saglygy gowulaşdyrmaga kömek edýär. Olarda adamyň nerw ulgamynyň işlemegi üçin zerur bolan B witaminleriniň doly toplumy bar.
Hozlar
Hozlarda adam saglygy üçin zerur bolan minerallar köp: magniý, marganes, selen, E witamini. Olar has gymmatly komponentleri optimal ýagdaýda saklaýar. Olaryň kaloriýasy 500 kkal-dan hem geçýär, olar beýniniň işini gowulandyrýar, ýady ösdürýär.
Atabek BABAŽANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler