Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy öz işine başlady

Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly Ýaşlar guramasynyň VIII Gurultaýy öz işine başlady.

Bu gezekki gurultaýda ýylyň şygary bilen baglanşykly we türkmen halkynyň Milli Lideri barada çykyşlar, guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, öňdebaryjy ýaşlary sylaglandyrmak we beýleki meselelere garalmagyna garaşylýar.

Guramanyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görünşinden gelip çykýan wezipeleri, kanundaky üýtgeşmeleri we goşmaçalary, guramanyň öňünde goýan maksatlaryny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgemeleri we goşmaçalary girimeklik üçin sese goýular.

Gurultaýa guramanyň welaýat, etrap, şäher we ilkinji guramalaryň başyklary, hünärmenleri we agzalary, jemi 800-den gowrak adam gatnaşýar.

Şeýle-de gurultaýa gatnaşýanlar üçin ýurtda alnyp barylýan ösüşler bilen baglanşykly sergi we ýaşlygy wasp edýän edebi-sazly kompozisiýa çykyşy hem geçirilýär.

Gurama barada

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi. Şol günden bäri Türkmenistanyň “Ýaşlar syýasatyny” durmuşa geçirmek maksady bilen köpugurly işler alnyp barylýar. Dürli ýaşlardaky we pudaklardaky ýaşlary üns merkezinde saklaýan duşuşyklar, bäsleşikler, okuw-türgenleşikleri gurnalýar. Häzirki wagtda 5 müňe golaý ilkinji gurama, 900 müňden gowrak agza hasaba alyndy.

TMÝG-nyň Merkezi Geňeşi 2016-njy ýylda www.yashlar.gov.tm elektron saýtyny ýola goýdy. Bu saýtda guramanyň alyp barýan işleri, bäsleşikleri, bildirişleri, makalalary bilen tanyşyp bolýar.

Perman ÖWEZOW,
Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB-nyň

bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň
programma üpjünçilik bölüminiň baş hünärmeni,
Ilknji Ýaşlar guramasynyň başlygy

Şeýle-de okaň:
Ýaş alymlaryň sylaglandyryş dabarasy bir sagat giç başlady
Ýaşlaryň aladasy üns merkezinde
Ýaşlar guramasynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi
“Älem içre at gezer” romany esasynda geçirilen kitapsöýüjiler bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
“Älem içre at gezer” romany boýunça kitapsöýüjileriň bäsleşigi geçirildi
Çagalar gününe bagyşlap konsertler geçirilýär
“Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda” döredijilik bäsleşiginiň sylaglandyryş dabarasy geçirildi
Üns beriň: Sylaglandyryş dabarasy!
Ýaşlar forumy täze formatda geçirildi
“Hezil tomus” açyk meýdan konserti
Guramanyň täze başlygynyň öňünde täze wezipeler goýuldy
Kitap okamak bäsleşigi bu gezek Büzmeýinde geçirildi
56-njy orta mekdepde düşündiriş işleri geçirildi
Çagalar bagynda döwrebap gurşaw
Ýetginjekler barada edilýän alada
Aşgabatly ýaş senetkärler bäsleşdi
Sergide ýeňiji bolan ýaşlar sylaglandy
“Ýaş köňülleriň ganaty” ekranda görkezildi


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok