56-njy orta mekdepde düşündiriş işleri geçirildi

Aşgabat şäheriniň 56-njy orta mekdebinde möwsümleýin we respirator kesellere garşy goranmak barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Ylym bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Aşgabat şäher geňeşiniň wekili Öwezgeldiýew Myrat, Aşgabat şäheriniň 10-njy Saglyk öýüniň maşgala lukmany T. Orazowa, TMÝG-nyň Köpetdag etrap Geňeşiniň wekili Sapar Araznepesow gatnaşdy.

Sagdyn dumuş ýörelgelerini we sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilşini düşündirmek hem-de milli gymmatlyklar esasynda edeli-ekramly, watansöýüji ýaşlary terbiýelemek maksady bilen Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylaryny bilen bu wagyz-nesihat ýygnaklary aprel aýynyň ahyryna çenli Aşgabat şäheriniň ähli orta mekdepleriniň arasynda geçiriler.

Bu ýygnaklar Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok