Ýaňy ýakynda Aşgabat şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” atly romany esasynda höwesjeň ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. TMÝG-nyň Aşgabat şäher Geňeşi we TSTP-nyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan geçirilen bäsleşige 35 ýaşa çenli dürli ýaşdaky 90 raýat gatnaşdy.
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine çuňlaşdyrylan 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hem-de “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny mynasyp dabaralandyrmak maksady bilen kitapsöýüjileriň bäsleşigi geçirildi.
Basleşikde 35 ýaşa çenli raýatlar Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” atly romanyndan soraglara ýazmaça jogap bermek arkaly geçirildi.
Höwesjeň ýaşlardan düzülen “Nowça” meýletinçiler topary guramaçylygyň ýokary derejede geçirilmegine goşan goşdular.

Şeýle-de bu bäsleşige “Seýrana mahabat” HK, “Ajaýyp gurluşyk” HK, “Aýdyň gijeler” HJ, “Täze älem” kitap dükany, “Ýedidogan” fotostudiosy hemaýatkärlik etdiler.
Şeýle okaň:
Teswirler