Ýaşlaryň aladasy üns merkezinde

28-nji awgustda Aşgabat şäherinde TSTB-nyň merkezi binasynda “Ýaşlar barada alada” atly maslahat geçirildi.

Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň, halk maslahatynyň wekilleri, telekeçiler we hususy eýeçilige degişli pudakda zähmet çekýän raýatlar gatnaşdy.

“Medeniýet” žurnalynyň bölüm redaktory Abdulhalyk Jumadow, TMÝG-nyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri Bezirgen Ataýew, Halkara gatnaşyklary institutynyň kitaphanaçysy Gülşat Baýramowa, TSTP-nyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri Parahat Meretliýew münberde çykyş etdi.

Çykyşlarda “Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek üçin 2015-2020 ýyllar üçin Meýilnamanyň” durmuşa geçirilşi barada hasabat berildi. Bu meýilnama esasynda Türkmenistandaky degişliligine garamazdan ähli pudak edaralaryň gatnaşmagynda öňde goýulan wezipeler bar.

Şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň gatnaşmagynda , ýaşlary telekeçilige çekmek, olara degişli goldawlary bermek barada ýerine ýetirilen işler barada nygtaldy. “Telekeçiler mekdebi” häzirki wagta-da ähli welaýatlardaky şahamçalary bilen ýaşlara gerekli okuwlary hödürleýär.

Ýaşlaryň döredijiligi hem üns merkezinde saklanýar. Her ýyl döwlet derejesinde 14-30 ýaş aralygynda 3 ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işlerine baha berilip, öňe saýlanan ýaşlara  “Ýaşlar baýragy” gowşurylýär.

Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty öz talyplarynyň köp ugurly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen işleri alyp barýar. Talyplaryň birnäçe daşary ýurt dillerini öwrenmäge ähli şertler bar. Şol üç sany kitaphana hyzmat berýär.

Türkmenistanyň raýatlary iş orunlary bilen üpjün etmek baradaky mesele-de üns merkezinden gaýra goýulmaýar. Ýaşlary iş orunlary bilen üpjün etmek barada düzlen ýörite topar işjeň ýagdaýda öz işlerini alyp barýar. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi iş gözleýän raýatlaryň we iş hödürleýän edaralaryň birbiri bilen aragatnaşygy ýola goýmagy has hem ýeňilleşdirmek üçin internet portaly hyzmata goýdy. Häzirki wagtda www.mlsp.gov.tm saýty arkaly ýygy-ýygydan täzelenýän iş orunlarynyň sanawyny görüp, ýüz tutup bolýar.

Ýygnagyň moderatory TSTP-nyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy Durdymyrat Ataýew ýygnagy jemledi.

Maslahat TSTB we TSTP-nyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guraldy.

Merdan Ataýew
TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň agzasy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok