“Älem içre at gezer” romany esasynda geçirilen kitapsöýüjiler bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hem-de “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny mynasyp dabaralandyrmak maksady bilen höwesjeň ýaşlaryň arasynda geçirilen kitapsöýüjileriň bäsleşiginde ýeňijileri bolanlar sylaglandy.

Bäsleşikde Oguzhan adyndakyt TITU-nyň talyby Nurgeldiýewa Oguljan ýeňiji bolup, I orna mynasyp boldy.

II orna raýat Bäşow Söhbetmyrat, III orna bolsa TDIM HGI-niň talyby Nobatowa Ajaýyp mynasyp boldy.

Ýeňijilere hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara Aşgabat şäherinde TSTP-nyň Mejlisler merkezinde geçirildi. Çärä jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, höwesjeň raýatlar, bäsleşigiň gatnaşyjylary hem-de guramaçylary, ene-atalar, mugallymlar we dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we mekdep okuwçylary gatnaşdy.

TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň işjeň agzasy Merdan Ataýew münbere çykyp, çykyş etdi, gutlag sözleri aýdyldy.

Şeýle-de guramaçylykda işjeň gatnaşan meýletinçilere TMÝG-nyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň ýadygärlik sowgatlary we minnetdarlyk haty gowşuryldy. Höwesjeň ýaşlardan düzülen “Nowça” meýletinçiler topary guramaçylygyň ýokary derejede geçirilmegine goşan goşdular.

Bäsleşikde höweslendiriji orunlara mynasyp bolan Penjiýew Goçmyrat (TDIM-niň HGI-niň talyby), Durdyýewa Aýnur (Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby), Gylyçmyradow Gylyçmyrat (TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby), Seýitmämmedowa Maýagözel (Oguzhan adyndaky TITU-nyň talyby), Akmyradow Kakageldi (TDIM-niň HGI-niň talyby), Gylyçmyradow Begenç (raýat), Begençmuhammedow Nyýazmuhammet (TDBGI-niň talyby), Hesel Durdyýewa (Aşgabat ş. 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy) ýadygärlik sowgatlar we minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.

Şeýle-de bu bäsleşige “Seýrana mahabat” HK, “Ajaýyp gurluşyk” HK, “Aýdyň gijeler” HJ, “Täze älem” kitap dükany, “Ýedidogan” fotostudiosy hemaýatkärlik etdiler.

Bäsleşigiň umumy statistiki hasabaty boýunça gatnaşanlaryň 64%-i talyplar, 30%-i okuwçylar we 6%-i beýleki raýatlardan ybarat boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok