Şu gün Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, Garaşsyzlyk mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Şeýle-de günäsi geçilen adamlary ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmek, olary iş bilen üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.
Teswirler