Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan sport syýasatynda halkara we sebitara sport guramalary, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary esasynda yzygiderli giňeldilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelindäki 72-nji maslahatnyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edilýändigini tassyklaýan Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martyndaky 76-njy sessiýasynyň 6-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň 62-siniň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi eziz Diýarymyzyň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygynyň ykrarnamasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda, 1-nji iýunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan paýtagtymyzdaky köpugurly «Aşgabat» stadionynda welosport boýunça köpçülikleýin türgenleşik sapagy geçirildi, ony Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri welosport boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy hökmünde hasaba aldylar. Çünki bu çärä 3 müň 246 adam gatnaşdy. Bu san döwlet Baştutanymyzyň sagdynlyk taglymatynyň we syýasatynyň barha dabaralýandygynyň görkezijisidir. Baýram güni hormatly Prezidentimize gowşurylan «Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» güwänamasy ýurdumyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Häzirki döwürde welosiped ekologiýa ulagynyň nyşany bolup durýar. Ony adamzadyň eýýäm 200 ýyldan hem gowrak wagtdan bäri peýdalanyp gelýär, welosiped daşky gurşawa aýawly garamaga hem-de saglygy berkitmäge ýardam berýär. Iňlis ýazyjy Gerbert Jorj Uells hem: «Haçan-da men welosiped sürýän uly ýaşly ynsany görsem, adamzadyň geljeginden arkaýyn» diýip belläpdir.
Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti baryp 1894-nji ýylda döredildi. Şondan bir ýyl soň welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirildi. Bu bolsa ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmegiň başyny başlady. Häzirki wagtda bir asyrdan gowrak mundan öň ýola goýlan welosiped sportunyň däpleri täzeçe görnüşde durmuşa ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy, awtoulagsyz günüň geçirilmegi ýaly çäreler jemgyýetimiziň aňynda we durmuşynda sagdyn-durmuş ýörelgesiniň we ata-baba ynsanperwer däpleriň berk ornaşmagyna has-da ýardam edýär.
.
Döwletmyrat GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler