Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda ýurdumyzyň paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi.

Foruma gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Ýokarky Geňeşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýa Federasiýasynyň federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Özbegistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular geňeşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Aşgabada geldiler.

Düýn säher bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň palament ýolbaşçylarynyň we wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Gül goýmak dabarasyndan soň, Türkmenistanyň Maslahatlar merkezinde forumyň dabaraly açylyş dabarasy geçirildi.

Parlamentara forumyň mejlisi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy bilen başlandy.

Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny ýurdumyzyň taryhyna nazar aýlamakdan başlamak bilen, türkmen Parlamentiniň Garaşsyzlygymyzyň ýaşytdaşydygyny, ýöne milli parlamentarizmiň many-mazmunynyň we häsiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyny belledi. Türkmenistanyň parlamentiniň öz işini yzygiderli ösdürip, ýakynda iki palataly görnüşe geçendigini, onuň ygtyýarlyklarynyň we san taýdan düzüminiň ep-esli giňeldilendigini aýdyp, milli Liderimiz sebit parahatçylygyny, durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermegi bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Forumda GDA döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko çykyş etdi. Parlamentara forumyň mejlisleriniň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikleri seljermek, şeýle hem özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

.

Gulsenem Hommadowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok